“Türkmendermansenagat”

Biziň Garaşsyz we Bitarap ýurdumyzda adamyň saglygy barada alada döwlet derejesine galdyryldy we elmydama üns merkezinde durýar. Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gönüden-göni ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan we durmuşa geçirilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasy bütinleý we dolulygyna ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny goramaga we berkitmäge gönükdirilendir. Maksatnamada ýerli derman senagatynyň kämilleşdirilmegine we onuň işinde ýerli çig mal gorlarynyň ulanylmagyna, ýurdumyzyň ilatyny hem-de kesel bejeriş edaralaryny ýerli önümçiligiň ekologik taýdan arassa we bäsleşige ukyply bolan önümler bilen bökdençsiz üpjün edilmegine aýratyn orun berilýär. Türkmenistanyň derman senagaty geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda döredildi diýip aýtsa bolar. Şol döwürde derman ýaglarynyň birnäçe görnüşini öndürýän kiçiräk seh döredildi we wagtyň geçmegi bilen ol ýerde dürli erginler we gerdejikler öndürilip başlandy. Şeýlelikde, häzirki “Saglyk” Derman kärhanasy döredildi. Ýurdumyzyň ilatyny hem-de kesel bejeriş edaralaryny taýýar derman serişdeleri bilen üpjün etmek meselesi elmydama üns merkezinde bolupdy. Şu meseläni çözmek maksdady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 1990-njy ýylyň 30-njy noýabryndaky Kararyna laýyklykda “Türkmendeman” Türkmen Döwlet ylmy-önümçilik birleşigi döredilip, onuň düzümine “Saglyk” Derman kärhanasy we “Buýan” Agrosenagat toplumy girdi. Şol döwürde birleşik tarapyndan taýýar derman serişdeleriniň bary-ýogy 20 görnüşi öndürilýärdi. Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiziň goldawyna daýanyp, “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda hereket edýän derman kärhanalarynyň işini kämileşdirmek we önümçilik kuwwatyny artdyrmak, tebigy baýlyklary, önümçilik we zähmet ätiýaçlaryny netijeli peýdalanmak, innowasiýa tehnologiýalary ulanyp, häzirki zaman önümçilik kärhanalaryny döretmek boýunça uly işler amala aşyryldy. Şu işleriň netijesinde 1998-nji ýylda “Türkmenderman Ajanta Farma Ltd” JÇJ bilelikdäki kärhana we 1999-njy ýylda “Tenekär” Derman kärhanasy guruldy we işe girizildi. Çykarylýan derman serişdeleriň mukdary we görnüşi birnäçe esse artdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 14-nji sentýabryndaky “Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň derman kärhanalaryny gurmak hakynda” 12548 belgili Kararyna laýyklykda, 2013-2014-nji ýyllarda birleşigiň düzüminde taýýar derman serişdelerini we lukmançylyk maksatly önümleri çykarýan 6 sany täze kärhana gurlup işe girizildi. Häzirki wagtda birleşigiň tabynlygyndaky kärhanalar tarapyndan serişdeleriň 340 gowragy öndürilip, olaryň aglabasy ätiýaçlyk serişdeleriniň hasabyna girýär we ýeňillikli derman hatlary boýunça ilata satylýar. Ýerli önümçiligiň derman serişdeleri hili, howpsuzlygy we netijeliligi babatynda iň ýokary dünýä standartlaryna laýyk gelýärler. Birleşigiň işiniň köp bölegi çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik işine esaslanýar. Türkmenistanda ösýän dermanlyk otlaryň we olaryň ýygyndylarynyň, şeýle hem olaryň esasynda ýasalan melhem çaýlaryň 50-den gowrak görnüşiniň, S.A.Nyýazow adyndaky “Buýan” Agrosenagat toplumynyň düzüminde işe girizilen täze zawodda (önümçilik kuwwaty ýylda 1000 tn gury toşap) öndürilýän buýan köküniň gury toşabynyň esasynda ýasalan täze derman serişdesiniň öndürilmegi we ýurdumyzyň ilatyna satylmagy muňa şaýatlyk edýär.

Soňky ýyllarda “Saglyk” derman kärhanasynyň daşarky we içerki durkyny täzelemek boýunça işler geçirildi, ýagny derman kärhanalaryna bildirilýän talaplara laýyklykda, kärhana binasynda içerki we daşarky abatlaýyş işleri ýerine ýetirildi, önümçilik we kömekçi enjamlary doly täzelendi, bu bolsa önümçilik kuwwatyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Gerdejik sehinde gurnalan täze enjamlar önümçiligiň möçberini we çykarylýan gerdejikleriň hem-de kapsulalaryň görnüşini artdyrmaga, olaryň hilini we daşky gaplarynyň resmileşdirilmegini dünýä standartlaryna ýetirmäge mümkinçilik berdi. 5 %-li ýoduň spirtdäki erginini, zyýansyzlandyrylan inýeksiýa bir gezeklik el çalgyçlary, dünýä standartyna laýyk gelýän gaplara gaplanan melhem çaýlaryny, “Korwaloly”, buýan köküniň şerbetini öndürmek boýunça täze sehler, şeýle hem doly durky täzelenen gerdejik sehi ýurdumyzyň ilatyny hem-de kesel bejeriş edaralaryny öz önümi bilen bökdençsiz üpjün etmäge ukyplydyr.

“Türkmenderman Ajanta Farma Ltd” JÇJ bilelikdäki kärhananyň, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we Türkmenistanyň derman serişdeleriniň Milli institutynyň hünärmenleriniň ýerli çig maldan derman serişdelerini öndürmek maksady bilen özara işleriniň netijesinde, buýan köküniň gury toşabyny kapsulalarda öndürmeklik ýola goýuldy we ýurdumyzyň ilatyna hem-de kesel bejeriş edaralaryna hödür edildi. Şeýle hem bilelikdäki kärhanada ulular we çagalar üçin dürli hoşboý ysly tozlary, has takygy, antibiotikleri, gyzgyny peseldýän we agyryny aýyrýan serişdeleri alýumin bukjalaryna çekip gaplamak boýunça täze enjamlar gurnaldy. Bilelikdäki kärhanada dürli taýýar derman serişdeleriniň 100-den gowragynyň önümçiligi özleşdirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 19-njy iýulyndaky 11754 belgili Kararyna laýyklykda, önümçilik kuwwaty ýylda 10 mln. flakona barabar bolan iň ýokary hilli infuzion erginlerini öndürýän Derman kärhanasy gurlup, 2013-nji ýylyň iýulynda dabaraly ýagdaýda işe girizildi, soňra bolsa ol “Tenekär” Derman kärhanasy bilen birleşdirildi. Kärhananyň önümçilik we kömekçi enjamlary Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Şwesiýanyň, Ýaponiýanyň, Finlýandiýanyň we beýleki ösen döwletleriň dünýä belli kärhanalary tarapyndan öndürildi. Kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda 10 000 000 flakon. Bu ýerde Glýukozanyň 5 % we 10 % erginleri, Natriý hloridiniň 0,9 % ergini, Ringeriň ergini we başg. öndürilýär. Erginler 250 ml we 500 ml göwrümli polipropilen gaplarda çykarylýar.

S.A.Nyýazow adyndaky “Buýan” Agrosenagat toplumy ýurdumyzda buýan köküni we onuň önümlerini öndürýän, şeýle hem olary daşary döwletlere eksport edýän ýeke-täk kärhana bolup durýar. Toplumyň 100 ýyldan gowrak dowam edýän hem-de öz gözbaşyny XX asyryň başyndan alyp gaýdýan taryhy bardyr.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan – melhemler mekany” atly kitabynda: “Türkmenistanyň mineral suwlary ýurduň tebigy baýlyklarynyň aýrylmaz bölegidir” – diýip ýazýar. Häzirki wagtda döwletimiziň çäginde bejeriş häsiýetli çeşmeleriň 20-den gowragy mälimdir. Şolardan iň wajyplarynyň biri ýurdumyzyň ak mermerli paýtagtynyň 7,5 km günortasynda, Merkezi Köpetdagyň dag eteginde ýerleşýän Berzeňňi çeşmesidir. 1250 metr çuňlukdan özi çogup çykýan № 1-nji çeşmäniň suwy özüniň düzüminde köp sanly peýdaly minerallary saklaýar. Şu çeşmede gurlan we 2014-nji ýylyň oktýabrynda işe girizilen “Berzeňňi” mineral bejeriş suwy kärhanasy 250 ml we 500 ml göwrümli, gazlanan we gazlanmadyk suwuň ýylda 5,0 mln. flakonyny öndürmäge ukyplydyr.

Türkmenistanyň tebigy baýlyklarynyň hatarynda bejeriş häsiýetli palçyklaryň dürli görnüşleri we deňiz duzy aýratyn orun eýeleýär. Şolaryň arasynda Mollagara kölüniň palçygynyň bejeriş häsiýetleri ýurdumyzyň çäginden has uzaklarda bellidir. Soňky ýyllarda wulkan palçygynyň kosmetologik häsiýetleri, şeýle hem deňiz duzlarynyň adamyň bedenine täsiri öwrenildi we olaryň derä ýetirýän oňaýly täsiri kesgitlenildi. Barlaglaryň netijelerine esaslanyp, şu bejeriş serişdelerini öý we stasionar şertlerinde ulanmak mümkinçiligini ýurdumyzyň ilaty üçin döretmek maksady bilen, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Bejeriş palçygyny we deňiz duzuny gaplaýan Zawod gurlup, 2014-nji ýylyň oktýabrynda işe girizildi. Onuň önümçilik kuwwaty taýýar önümiň 12 görnüşi boýunça ýylda 400 000 gaba barabardyr, şol sanda: Mollagara kölüniň bejeriş palçygynyň 200 000 gaby, wulkan palçygynyň 100 000 gaby, deňiz duzunyň 100 000 gaby. Önümçilik enjamlary Elektromag, Usulpak we Setpak kompaniýalary tarapyndan italýan tehnologiýasy boýunça Türkiýada öndürildi.

"TÜRKMENEKSPORT" DÖWLET KÄRHANASY
Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 101/1
Тел.:(+993) 12 218628 Fax: (+993) 12 218639
e-mail:info@turkmenexport.gov.tm