Türkmenistanyň Azyk Senagaty Assosiasiýasy

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň karary bilen 1996-njy ýylda sekiz pudagyň: et, süýt, konditer, gant, çakyr öndürýän, piwo-alkogolsyz içgiler, ýag we miwe-gök önüm – eýeçiligiň dürli görnüşindäki kärhanalaryny birleşdirýän Azyk senagaty assosiasiýasy döredildi. Sebitleriň oba hojalyk çig mal mahsuslygyny nazara alyp, Assosiasiýanyň kärhanalary ýurdumyzyň bäş welaýatynyň ählisinde ýerleşendir.

Assosiasiýanyň kärhanalary eýýäm şü günki günde çakyr önümleri, miwe kişdeleri, deri, içege çig maly, kazein, ter miwe-gök önümleri ýaly türkmen harytlarynyň eksport üpjünçiliginiň uly göwrümini amala aşyrýar. Eksport üpjünçiliginiň mümkinçiligi nukdaýnazardan pudagyň sekiz kärhanasynda öndürilýän ýokary hilli çakyr önümleri we konýak spirtleri has mäkäm orunlary eýeleýär.

EKSPORT ÇIG MALYNY ÖNDÜRÝÄN ESASY KÄRHANALAR

Aşgabadyň çakyr zawody.

Aşgabadyň çakyr zawody 1922-nji ýylda döredilip, çakyr önümçiligi pudagynyň binýat kärhanasy bolup durýar. Zawod çakyry, konýagy we likýor-arak önümlerini guýýan ýokary derejede mehanizmleşdirilen yzygiderli ulgamlar bilen enjamlaşdyrylan bolup, üzüm çakyrlaryny, güýçli alkogolly içgileri öndürýär.
Aşgabadyň çakyr zawodynyň önümlerine halkara degustasiýalarda we bäsleşiklerde iň ýokary baýraklar bilen mynasyp baha berildi. Zawod özüniň meşhur türkmen çakyrlary, balzamlary we konýaklary üçin 50 gowrak baýraga eýe boldy.

Türkmenabadyň çakyr zawody

Türkmenabadyň çakyr zawody 1968-nji ýylda döredildi, gaýtadan çakyr öndürýän zawod bolup durýar. Zawodyň işjeňligi güýçli alkogolly içgileri öndürmek we konýaklary, markaly, adaty we desert çakyrlaryny guýmak üçin ýöriteleşdirilendir. Çakyr zawodyň önümleri birnäçe gezek halkara degustasiýalara we bäsleşiklere çykaryldy we ol ýerde olara mynasyp baha berildi.

Sandykgaçynyň çakyr zawody

Sandykgaçynyň çakyr zawody 1946-njy ýylda döredildi, başlangyç çakyr öndürýän zawod bolup durýar. Häzirki wagtda üzümi gaýtadan işlemek boýunça ýokary derejede mehanizmleşdirilen yzygiderli ulgamlar bilen enjamlaşdyrylan zawod her ýyl 1 mln. dekalitre golaý çakyr materiallaryny we güýçli, desert we spirtsiz üzüm çakyrlarynyň 10 gowrak görnüşini öndürýär.

Çakyr zawodyň önümleri birnäçe gezek halkara degustasiýalara we bäsleşiklere çykaryldy we ol ýerde meşhur türkmen çakyrlary üçin iň ýokary baýraklar bilen mynasyp baha berildi.

Garabekewüliň çakyr zawody

Garabekewüliň çakyr zawody 1950-nji ýylda döredildi we çakyr öndürýän pudagyň iň iri kärhanalarynyň biri bolup durýar.
Häzirki wagtda zawodyň işjeňligi çakyr materiallaryny, adaty, markaly konýagy we КС toparynyň konýagyny, şeýle hem konýak spirtlerini öndürmek we ýükläp ugratmak üçin ýöriteleşdirilendir.

Zawodyň önümleriniň arasynda meşhur “Garabekewül”, “Serpaý”, “Altyn Zaman” konýaklary, “Garabekewül” çakyry we “Eşretli” brendisi. Çakyr zawodyň önümleri birnäçe gezek halkara degustasiýalara we bäsleşiklere çykaryldy we ol ýerde mynasyp baýraklar bilen baha berildi.

“Ahal” başlangyç çakyr öndürýän zawody

“Ahal” başlangyç çakyr öndürýän zawody 1991-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda üzümi gaýtadan işlemek boýunça ýokary derejede mehanizmleşdirilen yzygiderli ulgamlar bilen enjamlaşdyrylan zawod her ýylda 14 müň tonnadan gowrak üzümi gaýtadan işleýär.

Çakyr zawodyň önümleri birnäçe gezek halkara degustasiýalara we bäsleşiklere çykaryldy we ol ýerde meşhur türkmen çakyrlary üçin iň ýokary baýraklar bilen mynasyp baha berildi.

Ýolöteniň çakyr zawody

Ýolöteniň çakyr zawody 1959-njy ýylda döredildi.

Häzirki wagtda üzümi gaýtadan işlemek, çakyry we likýor-arak önümlerini guýmak boýunça ýokary derejede mehanizmleşdirilen yzygiderli ulgamlar bilen enjamlaşdyrylan zawod her ýyl 420 müň dekalitrden gowrak çakyr materiallaryny, güýçli we spirtsiz çakyr önümlerini öndürýär.

Abadanyň çakyr zawody

Abadanyň çakyr zawody 1923-nji ýylda döredildi we pudagyň iri çakyr öndürýän kärhanasy bolup durýar, onuň düzümine “Zähmet” başlangyç çakyr öndürýän sehi girýär.

Häzirki wagtda üzümi gaýtadan işlemek boýunça ýokary derejede mehanizmleşdirilen yzygiderli ulgamlar bilen enjamlaşdyrylan zawod 1 mln. dekalitre golaý çakyr materiallaryny we güýçli, desert we spirtsiz üzüm çakyrlarynyň 30 gowrak görnüşini öndürýär.

Abadanyň çakyr zawodynyň önümleri birnäçe gezek halkara degustasiýalara we bäsleşiklere çykaryldy we ol ýerde iň ýokary baýraklar bilen mynasyp baha berildi. Zawod meşhur türkmen çakyrlary we brendisi üçin 20 gowrak baýraga eýe boldy.

“Gökdepe” çakyr öndürýän zawody

“Gökdepe” çakyr öndürýän zawody 1928-nji ýylda döredildi we çakyr öndürýän pudagyň iň iri kärhanalarynyň biri bolup durýar, onuň düzümine “Gara Üzüm” başlangyç çakyr öndürýän sehi girýär.

Häzirki wagtda üzümi gaýtadan işlemek, çakyry, konýaklary we likýor-arak önümlerini guýmak boýunça ýokary derejede mehanizmleşdirilen yzygiderli ulgamlar bilen enjamlaşdyrylan zawod her ýyl 1 mln. dekalitre golaý çakyr materiallaryny we güýçli, desert, likýor we spirtsiz üzüm çakyrlarynyň 25 gowrak görnüşini öndürýär.

“Gökdepe” çakyr öndürýän zawodyň önümleri birnäçe gezek halkara degustasiýalara we bäsleşiklere çykaryldy we ol ýerde meşhur türkmen markaly çakyrlary üçin iň ýokary baýraklar bilen mynasyp baha berildi.

"TÜRKMENEKSPORT" DÖWLET KÄRHANASY
Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 101/1
Тел.:(+993) 12 218628 Fax: (+993) 12 218639
e-mail:info@turkmenexport.gov.tm