TÜRKMENISTANYŇ SÖWDA WE DAŞARY YKDYSADY ARAGATNAŞYKLAR MrNISTRLIGINIŇ “TÜRKMENEKSPORT» DÖWLET KÄRHANASY

Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagynda özbaşdak hojalyk hasaplaşygynda işleýän “Türkmeneksport” Döwlet Kärhanasy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň daşary söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýan harytlaryň daşary ýurtlara ýerlenişiniň möçberlerini artdyrrnak hem-de ýurdumyz üçin gerek bolan harytlary amatly şertlerde getirmegi üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 16-njy martyndaky Kararyna laýyklykda döredildi.f “Türkmeneksport” Döwlet kärhanasynyň Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministirliginde hasaba alnan Tertipnamasyna laýyklykda aşakda görkezilen işleri ýerineýetirmäge:

Ýokarda görkezilen işleri amala aşyranda, “Türkmeneksport” Döwlet kärhanasy aşakdaky ýeňüliklerden peýdalanýar:

“Türkmeneksport” kärhanasynyň baglaşan eksport şertnamalaryny Biržada hasaba almak, birža ýygymy tölenen güni we şertnamalar boýunça namalary resmileşdirmek Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň hem- de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň degişli düzümleriniň hersinde gysga möhletde amala aşyrylar.

“Türkmeneksport” Döwlet kärhanasynyň Türkmenistanda öndürilýän harytlary birža söwdalaryna çykarmazdan, dünýä bazarlarynda mahabatlandyrmaga, amatly bahalar bilen ýerlemäge artykmaç hukuklary bardyr. “Türkmeneksport” Döwlet kärhanasy eksport etmek isleýän ähli müşderileriniň harytlaryny dünýä bazarlaryna ýaýyp, olaryň bütindünýä ýüzündäki bazar gatnaşyklarynda abraýyny artdyryp, bäsleşige ukyply bolmagyny gazanmaklygy baş maksat edinýär.

Sizi “Türkmeneksport” Döwlet kärhanasy bilen hyzmatdaşlyga çagyrýarys.

"TÜRKMENEKSPORT" DÖWLET KÄRHANASY
Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 101/1
Тел.:(+993) 12 218628 Fax: (+993) 12 218639
e-mail:info@turkmenexport.gov.tm